2024-nji ýylyň ilkinji günlerinde, 4-5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmenistanyň we BAE-niň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri bilen nusgalyk döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga çalyşmagy netijesinde gazanylan aýry-aýry ylalaşyklar şu saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň esasyny düzdi.