Döwletli saparyň teswiri

7 Fewral 2024
635

Syýasy-jemgyýetçilik durmuşyň häkimiýet bilen halkyň deň esasdaky gatnaşygy arkaly alnyp barylmagyna ylmy dilde «demokratiýa» diýlip, bu babatda ata-babalarymyzyň toplan oňyn tejribesi häzirki döwlet syýasatymyzyň mazmunynda öz mynasyp ornuny tapýar. Ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty munuň aýdyň mysaly bolup, şu ýylyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagy halk bilen häkimiýetiň bitewüliginiň we jebisliginiň nobatdaky tassyklanmasy boldy.

Milli Liderimiziň şu ýyl ýurt içinde ilkinji saparyny Mary welaýatyndan başlamagy sebitiň ýaşaýjylaryny buýsandyryp, muňa dürli kärdäki we dürli ýaşdaky raýatlaryň ýurdumyzyň teleýaýlymlarydyr gazet-žurnallaryndaky, şeýle-de bu saparyň jemlerine bagyşlanyp Mary welaýat häkimliginde geçirilen hoşallyk maslahatyndaky çykyşlary aýdyň şaýatlyk edýär.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.