Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününe gabatlanyp, Watan goragçylarynyň güni uly ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär. Munuň özi döwletimiz tarapyndan Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylaryna goýulýan hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň nyşanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Ata pendi — perzent borjy» diýip belleýşi ýaly, merdana pederlerimiz nesiller üçin elmydama ruhy daýançdyr, olaryň barlygynda perzentler dagdan arkalydyr. Türkmeniň iň beýik duýgusy onuň Watana bolan söýgüsidir. Bu taryhy we durmuşy hakykat. Watana bolan söýgi, buýsanç, hormat halkymyzyň emer-damaryna, häsiýetine siňip giden taryhy aýratynlygydyr. Delili uzak bir ýerlerden ýa kitaphanalardaky üstünden asyrlar aşan golýazma çeşmelerinden gözlemegiň asla zerurlygy ýok. Ol biziň gündelik durmuşymyzyň wakalarynda-da şöhlelenip dur.