Senagat rewolýusiýasynyň gözbaşynda dünýä senagat sergileri bolup, bu günki günde olary «EKSPO» (EXPO) diýip atlandyrýarlar. Sergileriň esasy maksatlary: birinjiden, dürli ýurtlarda senagat üstünliklerini görkezmek we senagatyň ösüşiniň umumy derejesine baha bermek mümkinçiligidir. Ikinjiden, görkezmeler mahabat etmegiň, müşderileri çekmegiň we gepleşiklerde ylalaşyklaryň baglaşylmagynyň täjirçilik maksatlaryna hyzmat edýär. Üçünjiden, sergiler ýokary derejeli baýramçylyk çäreleri bilen tapawutlanýar. Umuman, sergiler halkara bäsdeşlige ukyply önümleriň hili babatda täze üstünlikleri hödürleýärler.
EKSPO (EXPO) industrializasiýanyň nyşany we tehnologik üstünlikleri görkezmek üçin açyk meýdançada geçirilýär. Bütindünýä köpugurly halkara sergiler täze ylmy açyşlary, üstünlikleri görkezmäge mümkinçilikleri döredýär. 1928-nji ýylda 100-den gowrak agza ýurduň halkara ekspozisiýalaryna ýolbaşçylyk edýän Halkara sergi edarasy (Bureau International des Expositions, BIE) döredildi. Ilkinji halkara derejeli, açyk asmanyň astyndaky sergi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi. Onda Jozef Pakston tarapyndan demirden we aýnadan ýasalan Hrustal köşk myhmanlaryň ünsüni esasy özüne çekiji ýerleriň biri boldy. Köpugurly halkara sergilerde ilkinji gezek adamzadyň iň beýik oýlap tapyşlary, öz döwri üçin innowasion tehnologiýalar, dünýä meşhur ýadygärlikler we desgalar görkezildi.