Ilkinji atçylyk ýokary okuw mekdebi

7 Fewral 2024
707

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde ilkinji atçylyk ýokary okuw mekdebi – ussat seýis, meşhur atşynas Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasy 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, ýagny Bilimler we talyp ýaşlar gününde professor-mugallymlar hem bagtyýar talyp ýaşlar üçin gapysyny giňden açdy.

Aba Annaýew şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, şeýle ussat atşynasyň adynyň Halkara atçylyk akademiýasyna dakylmagy ýurdumyzda zehinli seýislere we halypalara ägirt uly hormat-sarpa goýulýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi.

Ejegül ÖWEZGELDIÝEWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.