Hasar dagy beýik bolar,
Üsti doly keýik bolar,
Mergenlere seýik bolar,
Barsaň Hasar dagyndadyr.
Magtymguly Pyragy
Türkmen halkynda «Gudrat görseň, daglara bar, daglara!» diýen söz bar. Diýarymyzyň dag-derelerine aýlanyp görseň, syýahat etseň, birnäçe geňliklere duşmak bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli buýsanjymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasynyň netijesinde, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy buýsanjymyza buýsanç goşdy. Ady äleme dolan söz ussadymyz, filosof şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçen mekany bolan, häzirki wagtda şahyryň adyny göterýän Magtymguly etrabynyň çäginde ýerleşýän Hasar dagy we şol ýerleriň tebigaty hem beýik şahyryň döredijiliginde öz beýanyny tapýar.