Döredijilik işgärleriniň köňül buýsançlary

7 Fewral 2024
1217

Hudaýberdi BÄŞIMOW,
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň edebi-dramaturgiýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, dramaturg, terjimeçi:

— Maňa heniz talypkam, ýagny talyplyk tejribesindekäm, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 225 ýyllyk senesine gatnaşmak miýesser edipdi. Meniň medeniýet ulgamynda 60 ýyldan gowrak tejribäm bar. 2004-nji ýyldan bäri Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda işläp ýörün. Ýyllar we gazanylan tejribeler meni öz kärimde diýseň taplady. Librettolary, pýesalary ýazdym, birnäçe eserleri türkmen diline terjime etdim. Sahna eserleriniň edebi esaslaryny ýazmak üçin gaty kän okamaly we öwrenmeli boldum. Okap öwrendigiňçe, dünýägaraýşyň giňäp, gözýetimiň artýar. Onsoňam sahna eserleriniň edebi esasyny ýazmak awtordan sowatlylygy, ýiti zehini, üşügi, yhlaslylygy we irginsizligi talap edýär. Hünärim boýunça teatr sungatyny öwreniji bolamsoň, teatr sungaty meniň dünýäme juda golaý. Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän teatrda işleýänime juda buýsanýaryn. Çünki şahyryň goşgulary maňa elmydama ruhy goldawçy bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň islendik goşgusyndan alyp, ýazýan pýesaňda ulansaň, döredýän eseriň many-mazmun taýdan has kämilleşýär, tomaşaçylara ýiti täsir edýär. Şonuň üçinem bu beýik söz ussadynyň döredijiligi juda uly hormata mynasyp. Nesip bolsa, şahyryň şanly senesiniň toýy mynasybetli ýurdumyza dünýäniň çar künjeginden myhmanlar geler. Akyldaryň gyzyldan gymmatly döredijiligi hakynda many-mazmunly söhbetler guralar. Bu asylly tutumlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň mizemez hormat-sarpasynyň aýdyň güwäsidir.

Ýazga geçiren
Dursun TEKÄÝEWA, žurnalist.