«Ençeler gör, kitap okap»

7 Fewral 2024
504

Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň bu I jiltlik ýygyndysy ajaýyp eserlerden düzülen şygyrlar çemenidir. Kitabyň ilkinji sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň türkmen halkynyň taryhyndaky, syýasy-jemgyýetçilik, medeni-edebi durmuşyndaky orny hakda pikir-garaýyşlaryny paýlaşýar.Ýygyndyny okan islendik okyjy şahyryň müň dürli öwüşginli 400-e golaý şygyrlar dünýäsine syýahat eder we onuň duýgular älemine siňer. Ýygynda öňki neşirlere girmedik täze goşgular hem girizilen. Kitabyň soňunda şygyrlaryň içinde getirilýän sözleriň düşündirilişi berilýär. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen.