Taryhda şu gün

4 Ýanwar 2024
1577

On dört ýyl mundan ozal

Mundan 14 ýyl ozal, ýagny 2010-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda dünýädäki iň beýik bina Burj Halifa dabaraly ýagdaýda açylýar. Bu bina dürli ýyllarda «dünýäniň iň beýik gurluşygy», «häzirki wagta çenli gurlan iň uly bina» ýaly atlara mynasyp bolýar. Burj Halifanyň iň beýik nokady 828 metr bolup, ol 163 gatdan ybaratdyr. Binanyň jemi agramy 500 müň tonna, içiniň tutýan meýdany bolsa 344 müň inedördül metre barabardyr. Onda 57 sany lift bar. Gurulýan watgy ony «Burj-Dubaý» diýip atlandyrýan ekenler. Açylanda BAE-niň şeýhi Halife ibn Zaid Al Nahaýýanyň hormatyna oňa «Burj Halifa» diýip at beripdirler.

Taýýarlan Ulugberdi HANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.