12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen dabaralar, Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem şatlyk-şowhuna, buýsançly duýgulara beslendi. Halkara derejede giňden bellenilýän baýramçylyk günlerinde BMG-niň iri düzümlerinden hoş habarlaryň gelip gowuşmagy merdana halkymyzyň köňül şatlygyny goşalandyryp, döwletimiziň mertebesini has-da beýgeltdi. Bu bolsa baýramçylyk mynasybetli guralan dabaralaryň mazmun baýlygyny has-da artdyrdy.
Baýramçylyk güni ir säher bilen şäheriň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň joşgunly mukamynyň astynda ýaşyl tugumyzyň belende göterilmegi bilen şanly toýuň dabarasy asman giňişligine ýaýyldy. Arkadag şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen dabara häkimligiň işgärleri, Mejlisiň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri we täze şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşynyň buşlukçysy bolup, al-asmanda buýsanç bilen parlaýan ýaşyl tugumyzyň astynda dowam eden baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejede bellenilýän şanly senesiniň gymmaty, döwletimiziň halkara hukuk derejesiniň esasynda geçen 28 ýylyň dowamynda amala aşyrylan halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumlar dogrusynda uly buýsanç bilen bellediler. Çykyşlarda şanly Bitaraplygymyzyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen bagtynyň aýdyň mysaly bolan Arkadag şäheriniň gözelligi, binagärlik mümkinçilikleri hakynda hem aýdyldy. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar dabaraly pursatlaryň mazmunyny baýlaşdyrdy.