Abadan ýaşaýşyň röwşen ýoly

14 Dekabr 2023
1701

Türkmenistanyň 28 ýyl bäri alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň maksatlaryna, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň talaplaryna, döwletara gatnaşyklaryň esasy bolup durýan BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine doly laýyk gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet syýasatyny, şol sanda Bitaraplyk ýörelgesini örän paýhaslylyk, inçelik bilen alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz: «Biz hemişelik Bitaraplyk syýasatymyza hemişe ygrarly bolup, sebitde we dünýäde abadançylygy berkarar etmäge ýardam ederis» diýip belleýär.

Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň many-mazmunyna düşünmek üçin, oňa hertaraplaýyn baha bermek zerur. Munuň özi, umuman, gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegidir, ruhy-medeni, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegidir, töwekgelçilikleriň we nämälimligiň derejesini peseltmäge, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, bähbitleriň deňeçerligini emele getirmäge ukyply halkara ulgamyň usullarynyň, gurallarynyň döredilmegidir.

Hatyja MUSTAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.