Parahatçylyk söýüjiligiň baýramy

13 Dekabr 2023
1293

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, medeniýet işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, talyplaryň hem-de şäheriň ýaşaýjylarynyň agzybirlik bilen gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, mukaddes Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy.

Dabarada söz nobatyny alanlar bu ýere ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, dünýäniň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, onuň wezipelerine berk eýerýän ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde nusgalyk üstünliklere eýe bolýar. Munuň özi ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde berkarar Watanymyz tarapyndan amala aşyrylýan taryhy taslamalarda, öňe sürülýän möhüm başlangyçlarda aýdyň ýüze çykýar. Dabarada baky Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini şunuň ýaly ählu-mumy bähbitlere gönükdirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».