Parahatçylygy dabaralandyrýan taglymat

11 Dekabr 2023
1121

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz — biziň baş gymmatlyklarymyzyň biridir. Bitaraplyk — parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygy — biziň şu günümiz we geljegimiz. Onda halkara gatnaşyklary ösdürmek, syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli başlangyçlar jemlenýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylyk, howpsuzlyk, sagdynlyk, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, döredijilik, dünýä halklarynyň dostlugy, ylalaşygy ýaly asylly ýörelgeler bilen utgaşýar. Hususan-da, Bitaraplyk ýurdumyzyň raýatlarynyň aňynda durnuklylyk, durmuş taýdan abadançylyk we ösüş ýaly düşünjeler bilen berkidilýär. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa, Bitaraplyk birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda döwletleriň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň esasy nyşany bolup hyzmat edýär.

Güljan ÝUSUPOWA,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.