Golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde duşuşyk geçirildi. «Hemişelik Bitaraplyk — baky abadançylyk» diýen at bilen geçirilen duşuşyga kitaphana işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Bu ýerde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda her bir günüň parahatçylyga, asudalyga, toýdur baýramlara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem dabara ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli türkmen halkyny ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar.