Bitaraplyk buýsanjymyz

11 Dekabr 2023
1520

Hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege ýardam bermek, parahatçylygy, asudalygy berkitmek ýaly asylly ýörelgeler halkymyzyň milli däpleriniň naýbaşysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň  mekany” atly kitabynda türkmen Bitaraplygynyň esasy özeniniň milli ýörelgelerimize esaslanýandygy taryhy maglumatlaryň, halk döredijiliginiň, etnografiýa maglumatlarynyň üsti bilen açylyp görkezilýär.

Iki müň ýyldan hem gowrak mundan öň dörän Parfiýa döwleti Hytaý, Rim we beýleki döwletler bilen hoşniýetli diplomatik gatnaşyklary saklapdyr. Şol ýurtlardan beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen Parfiýa yzygiderli ilçiler gelipdir. Parfiýa döwleti üçin diplomatik gatnaşyklary üpjün edýän bu ýoluň howpsuzlygy wajyp meseleleriň biri bolupdyr. Parfiýalylar bu babatda uly aladalary edipdirler. Şol sebäpli parfiýalylar parahatçylykly gatnaşyklary saklamak üçin ylalaşyklara we baglaşylan şertnamalara uly hormat goýupdyrlar.

Altyn Jumagylyjowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.