«Taryha ýazylmyş Änew bozulmaz»

7 Dekabr 2023
1920

Türkmen halky gadymy halklaryň biridir. Onuň baý taryhy, ruhy, medeni we maddy gymmatlyklary bar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistan — Änew, Altyndepe, Margiana, Ürgenç, Maşat-Misserian, Sarahs, Farawa, Şährislam, Şähribossan, Amul, Namazgadepe, Abywerd, Nusaý we köpsanly beýleki ýadygärlikler ýaly, dünýä ylmynyň üns merkezinde duran, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe arhitektura we arheologiýa ýadygärliklerine, medeni-ruhy gymmatlyklara baý ülkedir» diýmegi hem şaýatdyr. Muny türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi-de tassyklaýar. Bu çözgüt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de halkara derejesinde wagyz edilmegine gönükdiren taýsyz tagallalarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Taryhy maglumatlara görä, 1902 — 1904-nji ýyllar aralygynda belli amerikan alymy Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa Änewde gazuw-agtaryş işlerini geçirende bu mekandan ak bugdaýyň dänejiklerini tapypdyrlar. Amerikan alymlary ak bugdaýyň bu dänejiklerine ylmy barlag geçirenlerinde onuň taryhynyň 5 müň ýyla uzaýandygyny anyklapdyrlar. Şeýlelikde, mundan 5 müň ýyl ozal Änewde ak bugdaý ekilipdir. Bu barada 1908-nji ýylda Rafael Pampelli Waşingtonda şol geçiren gazuw-agtaryş işleri bilen baglanyşykly neşir eden işinde giňişleýin maglumat berip, ak bugdaýyň ilkinji mekanynyň Türkmenistandygyny tassyk edipdir.

Gurbangül GUZYÇYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri,filologiýa ylymlarynyň doktory.