Asyrlarboýy «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähime eýeren türkmen halky nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdir. Dana pederlerimiz perzentlerini çagalykdan watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp, olaryň gaýduwsyz, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanypdyrlar. Bu babatda, ýagny zähmet terbiýesinden söz açyp, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem şeýle belleýär:
Ulalanda iş hoş ýakmaz,
Ýaşlykdan köýmän ýigide.