Tebigaty goramagyň meýletinçileri

30 Noýabr 2023
2048

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmaga, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasatyny halk köpçüligine wagyz-nesihat etmek babatynda dürli jemgyýetçilik guramalary işjeň hereket edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýan birnäçe kanunçylyk namalary tebigaty goramak çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde, bu ugurda jemgyýetçilik birleşikleriniň işjeňligini güýçlendirmekde möhüm hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.