Aýal dogan

21 Noýabr 2023
1104

Tebigat hökmürowan bolýar. Onuň öz kadasy, öz kanuny bar. Wagtyň geçmegi bilen bir ojakda bileje oýnap, ulalan doganlaryň hersi özbaşyna maşgala bolup gidýär. Emma gözüňe görünmeýän, dil bilen düşündirip bolmaýan, diňe gudratdyr keramata deňäýmeseň suratyny hem çekdirmeýän bir baglanyşyk — täsin güýç welin, mydama ýüregiňi ataň öýüňe baglap goýýar. Ol ojakda eje mähri, kaka yhlasy, ene öwüdi, ata sargydy, doganlaryň bilen geçen gyzykly günleriň kalbyňy özüne dartyp durýar.

Ýuwaş-ýuwaşdan ataň ojagyndan alan terbiýäň, mähriň, göreldäň bilen durmuşyň ähli synaglaryna döz gelip başlaýarsyň, esasan hem durmuşa çykan gyzlaryň tiz ene bolmagy bilen süýji ukular öz ornuny irginsiz zähmetdir yhlas bilen çalşanda, kirpik gatman, hüwdi aýdyp, sallançagyň başynda geçirilýän gijeler olara birbada ýiti täsirini ýetirýär. Şeýle pursatlarda özüňden uly aýal doganyň bolmagy uly bagtdyr. Çünki ulular bizden öň durmuşyň eleginden süzülendirler. Olaryň paýhasy goýazy güýze meňzeýändir. Saldamly pikirler, sabyrly garaýyşlar aýal doganlaryň ilkinji ygtybarly ýoludyr.

Aýna BERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.