Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigatyny aýawly saklamak we ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Şeýle asylly ýörelgeleri dowamata öwürýän beýik işleriň biri-de ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň giň gerime eýe bolmagydyr.
Golaýda tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasy mynasybetli, polkownik Rüstem Aýmämmedowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby bölümlerinde hem netijeli işler alnyp baryldy. Ýurdumyzda giňden geçirilýän ekologik çärelere elmydama yhlasly gatnaşýan harby gullukçylar ir säher bilen bu çärä işjeň girişdiler. Tebigatyň görküne görk goşýan ýaş agaç nahallaryny ekmäge höwes bilen çemeleşen harby gullukçylar özleriniň wagtlarynyň nähili çalt geçendiklerini hem duýman galdylar. Bu çäräniň dowamynda harby gullukçylar tebigat bilen has-da ýakynlaşyp, daş-töweregiň görküni artdyrmaga mynasyp goşant goşdular. Jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan, adama ömürboýy hyzmat etjek bu bag nahallary harby gullukçylar tarapyndan geljekki nesillere ýadygärlik bolar.