Menekli köl

3 Oktýabr 2023
1378

Kanadada Osuýos şäheriniň golaýynda dünýäniň başga hiç bir ýerinde gaýtalanmaýan «Spotted-Leýk» atly menekli köl ýerleşýär. Ýerli halk gadymdan bäri bu köli «Kliluk» diýip atlandyryp gelipdirler. Menekli kölüň tutýan meýdany 38 gektara golaý bolup, ol gyş we ýaz aýlarynda adaty suw gurşawyna meňzeýär. Tomus düşüp, howanyň ýylylygynyň 40 derejeden ýokarlanmagy bilen, kölüň suwy bugaryp başlaýar. Meýdanda birnäçe kiçijik suwly oýtumjyklar peýda bolýar. Bu suw oýtumlaryna guşuçar belentlikden seredilende tegmile, menege meňzeş keşbi görmek bolýar. Bu menekleriň reňkleri-de, şekilleri-de dürli-dürli bolýar.

Kliluk kölünde emele gelýän oýtumjyklaryň reňkleri suwuň mineral düzümine baglydyr. Bu çäkdäki suwuň mineral maddalarynyň mukdary beýleki köllerdäki minerallar bilen deňeşdirilende has ýokarydyr. Menekli kölüň suwunyň düzüminde natriýniň, magniniň, kalsiniň sulfat duzlary, şeýle hem titan, kümüş ýaly elementler agdyklyk edýär. Tebigy şertleriň täsirinden bugarandan soň, suw oýtumjyklarynyň gyralarynda himiki birleşmeleriň ýygyndysy emele gelýär.

Bagtyýar ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.