Ula hormat, kiçä sarpa

15 Awgust 2023
1772

Türkmen halkymyzyň özboluşly milli terbiýe mekdebi bar. Sözbaşy edip saýlan jümlämiz hem terbiýe ýörelgämiziň esasy özenini düzýän taglymatlaryň biridir. Halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň dowamlylygy, millilige bolan söýgi-hormat hem hut şu nukdaýnazardan gözbaşly bolsa gerek. Çünki türkmençilikde ulyny sylamak, olaryň öwüt-pentleri bilen terbiýelenmek jemgyýetimizde esasy orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen, milli mekdebimiziň dürdänelerini jemleýän «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Ula — hormat, kiçä — hezzet», «Ula salam ber, kiçä — kelam», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg», «Uly başlar, kiçi işlär» ýaly ajaýyp nakyllar bar. Şulardan hem görşümiz ýaly, kiçini söýüp terbiýelemek, ula hormat goýmak ata-babalarymyzdan gelýän gadymy ýol-ýörelgedir. Ulyny sylamak biziň her birimiziň ýörelgämize öwrülip, ene süýdi bilen aňymyza ornan mukaddeslikdir. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýygy-ýygydan halk döredijiligine ýüzlenmegi, paýhasly pederlerimiziň döreden dana pähimlerine uly sarpa goýmagy ýöne ýerden däl. Halkyň döredip, uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, ajaýyp döwrümize ýetiren ruhy mirasy bu günki günde terbiýe meselesinde iňňän uly ähmiýete eýedir.

Türkmeni beýlekilerden tapawutlandyrýan gymmatlyk milli terbiýe mekdebiniň gadymyýetden bäri haýsy şertlerde hem bolsa üýtgemän bir durkunda saklanýanlygydyr. Oguz han döwründe ýaşulularyň aýratyn sarpalanyp hormatlanandygy Oguznamalarda giňişleýin beýan edilýär. Gorkut ata bolsa il arasynda hormatlanýan ýaşuly akyldar goja. Onuň keşbinde ýaşuly nesliň danalygy, akyl-paýhaslary bilen jemgyýetde eýeleýän ornunyň uludygy görkezilýär. Gorkut atanyň terbiýe usuly Görogluda Jygalybegiň mysalynda dowam etdirilýär. Jygalybeg hem güýçli şahsyýeti terbiýelän beýik mugallymdyr. Bularyň ählisiniň öwüt-pentlerinde şahsyýetiň kämil ýetişmegi we jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagy, watansöýüjilik we agzybirlik, il-ulsa peýda getirmek barada ündelýär. Şu edep kadalary ýaş nesilleri kämil durmuş mekdebinde taplamak üçin esasy binýatlar hasaplanýar. Şeýle-de watansöýüjilik we Watana wepalylyk ata-babalarymyzyň terbiýe ýörelgesinde esasy orny eýeleýär. Bu barada hormatly Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda şeýle belleýär: «Watançylyk namasy bize Oguz hanyň galdyran parahatçylyk söýüjilikli pentleridir. Watançylyk namasy merdana gerçek Gorkut atanyň pähim-paýhasly tälimleridir. Watançylyk namasy Jygalybegiň iliniň serdary, türkmen ojagynyň hany saýan eziz perzendine atalyk pendidir. Watançylyk namasy Magtymguly akyldaryň döredijilik äleminiň kuýaşydyr. Ine, şu namalar bilen ata-babalarymyz öz ogul-gyzyna ýüreginiň iň mähirli jümlelerini ýetirýär». Magtymguly Pyragynyň:

Nazarmämmet BÄBIŞOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, maýor.