Darganata etrap häkimliginde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Maşgalam — baş galam» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Onda edilen çykyşlarda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde maşgalanyň paýynyň uludygyna aýratyn uly üns berildi. Hukuk goraýjylar döwletimizde maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmeklige gönükdirilen hukuk resminamalarynyň has kämilleşdirilendigi hakynda giňişleýin düşündiriş berdiler. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararynyň esasynda, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda öňe sürlen tekliplerden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, şeýle hem şol gurultaýda tassyklanylan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararynyň birinji bölegine laýyklykda resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda, ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak bellenildi. Çäräniň dowamynda durmuş-ykdysady, ýaşaýyş-durmuş we ýaşaýyş jaý meselelerini çözmekde ýaş maşgalalara maddy hem-de gaýry kömekleriň berlişi hakynda hem düşündirişler berildi.