Türkmen topragynyň datly miwesi,
Tagamy deý başga tagam tapmadym.
Misli ene topragymyň şiresi,
Süýjüsin başga bir süýjä gatmadym.
Ata-babam ýetiripdir seçgisin,
Bu ajaýyp tebigata saz edip.
«Tagamyny datman hiç kes ötmesin!»
— diýip, Ýüpek ýoldan geçene berip.