Ah­me­diň ak bugdaýy

3 Awgust 2023
872

Ahmet «jüýje sanaşmak» üçin güýze garaşyp durmady. Bugdaý oragy dowam edýärdi. Onda «Meniň kärende ýerimiň berjek hasyly hökman öňdäkileriň hatarynda bolaýmaly» diýen ynam bardy. Dogry, onuň tanaýan kärendeçileriniň arasynda topraga yhlas edişine göwni ýetýänleri az däldi. Şonuň üçinem ol «Hiç kimden kem durmaly däl, hiç kimden yza galmaly däl» diýip, işine berk ýapyşdy hem-de kalbynda üstünlige bolan ynama bil baglady. Ahmet ynamyny ýere eden yhlasy, saçan maňlaý deri, topraga sepen tohumy, gögerip çykan maýsa eden garaşygy we ýene-ýeneler bilen berkitdi.

Üstünlige bolan ynam bilen çekilen zähmet soňunda bol hasyl bolup daýhana gaýdyp gelýär. Ahmet hem «Bag atyz» atly ekin meýdanynyň alty gektar kärende ýeriniň her gektaryndan üç tonna guşgursak däne ýygnap almaga borçnama edinenem bolsa, ol alynýan hasyly dört müň iki ýüz kilogramdan geçirmegi başardy. Şunlukda, ol döwletiň galla harmanyna bir müň iki ýüz kilogram artykmaç bugdaý hasylyny tabşyryp, diňe bir Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde däl, eýsem Kerki etraby boýunça hem öňdäki orunlary eýeledi.

Akmuhammet HEMIDOW,
«Diýar».