Arkadag şäheri — türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen gözelligiň nusgasy, geljekki bagtyýar nesilleriň ak ertirlerini nazarlaýan bagtly durmuşynyň kepili. Her bir ynsanyň bagtyýar, halal zähmet çekip, manyly ömür sürmegi üçin ähli şertler döredilýän ajaýyp döwrümizde gurluşyk pudagy özünde täze innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen belent derejelere ýetýär. Arkadag şäherinde gurlan ýüzlerçe medeni we durmuş maksatly desgalara, olarda ulanylýan täze tehnologiýalara seredeniňde, türkmen binagärliginiň ösen sepgitlerine göz ýetirip bolýar.
Arkadag şäherinde tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalaryň ählisi ekologik talaplar esasynda guruldy. Bu şäherde «smart city» döwrebap şähergurluşyk ýörelgesine laýyklykda, ekologiýa taýdan arassa elektrobuslardyr elektromobiller hereket edýär. Olaryň hereketine sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilikler bar. «Akylly» yşyklandyryş ulgamy, Gün we ýel batareýalary, häzirki zaman sanly hyzmatlar, «akylly» zir-zibil gaplary sanly ulgam arkaly dolandyrylýar. Şäheriň ýaşaýjylary «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlary, ýagny smartfonuň üsti bilen internet arkaly ýaşaýyş öýlerini uzak aralykdan dolandyryp bilýärler. Bu ýerde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde, edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamy, şeýle-de ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy gurnalyp, işe girizildi. Tutuşlygyna alnanda, Arkadag şäheri sebitde ilkinji «akylly» şäher bolup, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan döredijilikli pikirleriniň miwesidir.