NESIBE

20 Iýul 2023
2051

Geň-enaýy wakalardan, aladalardan doly gyzykly durmuşda ýaşamagyň öz lezzeti bar. Owadan dünýä bolup, gursagyňy gaplaýan bu durmuşda bir gün begenen, bir gün gaýgylanan bolýaň. Şeýdibem, ýüzüňi emaý bilen sypalaýan bahar şemaly ýaly ýakymly günler jöwzaýy tomsuň epgegi bilen sazlaşyp, geçip dur. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän umman ýaly durmuş kerweni öz kadalary bilen gidip barýar, ynsan hem onuň yzyna düşüp, ýodalardan ýollara aşýar. Ynha, durmuşyň gyzykly ýerem şunda-da! Sebäbi bu ýollarda ynam, ynanç, ygtykat, ykbal ýaly ajaýyp duýgular bar. Şolara bil baglap ýaşamagyň özi owadan dünýä bolan teşneligiňi gandyrýar.

Adam bir işe başlajak bolanda «Bismilladan» soň, «Nesip bolsa» diýýär. Sebäbi ata-babalarymyzdan gelýän «Hasap edeniň bolmaz, nesip edeni bolar» diýen pähimiň juda ýerliklidigi hakykat ýüzünde haýran galdyrýar.

Taýýarlan Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».