Jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly güýji hökmünde ylym ulgamy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy ösüşleri ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmagyň möhüm şerti hökmünde kesgitleýär. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenilýär.
Gadymy Merw topragynda hem dürli döwürlerde alymlaryň ençemesi ýaşapdyr, işläpdir we matematika, astronomiýa hem-de beýleki ylymlara degişli ençeme açyşlar edipdirler. Bu alymlaryň ýazan kitaplary dünýä ylmynyň altyn hazynasyna öwrüldi. Taryhy maglumatlarda beýan edilişi ýaly, XI—XII asyrlarda ylymda uly ösüşler gazanylypdyr. Belli rus alymy Ý.E.Bertelsiň ýazmagyna görä, Seljuk soltanlarynyň döwründe ýurtda baý medeni durmuş döredilipdir, ol bolsa bütin dünýäniň medeniýetiniň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şeýle alymlaryň biri hem Omar Haýýamdyr. Omar Haýýam Horezminiň, Farabynyň, Birunynyň, Ibn Sinanyň, gadymy grek alymlarynyň eserlerini ürç edip öwrenipdir. Ol matematika boýunça üç sany ylmy işleri ýazypdyr.