GERÇEKLER BÄSLEŞDILER

1 Iýun 2023
1095

Arkadagly Serdarymyzyň «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzir- ki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň taryhy myza, milli gymmatlyklarymyza, edim gylymlarymyza buýsanýan, Watanymyzyň abraý mertebesini ýokarlan dyrýan, beýik maksatly, belent adamkärçilikli — watançy nesiller hökmünde kemala gelmegini gazanmak, ola- ryň döredijilik gözleglerini ýokarlandyrmak, ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak, zehinlerini açyp görkezmek maksady bilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biride ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda ýylyň ýylyna guramaçylykly geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagty- ýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigidir. Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilýän bu bäsleşik Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem uly dabara beslenip geçirildi. Bäsleşikde talyp ýigitler 3 şert boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, olar özleriniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdiler. Ikinji şertinde bolsa gerçek ýigitler sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek üçin janly sesi bilen aýdymsaz, goşgy we sahna ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda olar ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmek bilen, dabaranyň joşgunyny hasda ýokarlandyrdylar. Ýokary ruhubelentlik we joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlar ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň medeniýetde, sungatda, döredijilikde ýokary sepgitlere ýetendigini aýdyň görkezdi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginde eminler toparynyň gelen netijesine görä, baş baýraga Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmyrat Ataýew myna- syp boldy. 1-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Mekan Ho- jamyradow, 2-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Yslam Aman- gulyýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Hemra Kakajanow, baýrakly 3-nji orna Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ezizmyrat Melä-ýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1nji ýyl talyby Abdylla Aşyra- lyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Hanjar Ödäýew dagy mynasyp boldy. Baýrakly orunlara mynasyp bolanlara we oňa işjeň gatnaşan talyp ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyn- daky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan gymmat baha- ly sowgatlar, diplomlar, hormat hatlary uly dabara bilen gowşuryldy.

Gurbannazar ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.