Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2023-nji ýylyň 11, 12-nji maýynda sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

19 Aprel 2023
505

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, institutymyzda guramaçylykly geçirilýän «Açyk gapylar» gününde dabara gatnaşyjylar ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işleri, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 1972 (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy, telefon belgilerimiz: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.