Ata-babalarymyz gadymy döwürlerde dowardarçylyk bilen birlikde, düýedarçylygy hem ösdürmäge uly üns berip gelipdirler. Çöl gämisi hasaplanylýan düýe malyny hojalykda uzak menzillere ýük daşamakda peýdalanypdyrlar. Alys ýerlere kerwene goşup, azyk, söwda hyzmatlarynda hem düýäniň peýdasy örän uly bolupdyr.
Düýe barada ençeme aýtgylar, rowaýatlar döräp, ol biziň häzirki günlerimizde hem aýdylýar. Rowaýata görä, düýe beýik Biribaryň alkyşyna mynasyp bolan jandardyr. Bir gün pygamberimiz medineli musulmanlaryň biriniň howlusynda daňylgy duran düýe bilen salamlaşanmyş. Şonda düýe myhmany görüp, gözünden boýur-boýur ýaş döküp, arzy-halyny aýdypdyr. Myhman öý eýesine özüne hyzmat etmezden ozal, düýesiniň ot-suwuny bermegi aýdypdyr. Öý eýesi gyş üçin ýygnan ýandak küdesini aýap, düýesine az-azdan berýändigini gürrüň beripdir. Bu habary eşiden düýe eger rugsat etseler, hiç kime azarsyz, özi otlap ýene-de ýatagyna gaýdyp geljekdigini aýdanmyş. Ine, düýe şeýle janypkeşligi, eýesine agram salmaýandygy bilen alkyşa mynasyp bolupdyr. Şondan bärem düýe maly giň sährada otlap, suwlap gezipdir.