«Elguşumy awa salsam...»

17 Aprel 2023
2169

Halkymyzyň gadymy däpleri, ýörelgeleri esasynda elguşlar ýetişdirilip gelinýär. Elguşly aw awlamak gadymy ýörelgeleriň biridir. Gahryman Arkadagymyz: «El guşlary bilen aw etmek aýratyn meşhurlyga eýe bolupdyr. Olary eldekileşdirmek we aw öwretmek uly ussatlygy talap edipdir. Başarjaň awçylar ýabany guşy tutanlaryndan soň, olary 10-15 günüň içinde aw etmäge taýýarlamagy başarypdyrlar» diýip nygtaýar.

Türkmeniň elguşly aw awlamak usuly umumadamzadyň aw däpleriniň kämil görnüşleriniň biridir. BMG-niň geçiren barlaglarynyň maglumatlary boýunça Türkmenistan awuň şu görnüşiniň gadymdan bäri hereket edýän dünýäniň dört sany merkeziniň biridir.

Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.