Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky melleginde (bölünip berlen ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan, raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksadyna aşakda görkezilen tertipde kiçi göwrümli karzlar hödürlenilýär.