"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Tebipçiligiň ygtybarly ýankitaby

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, taryhda yz galdyran alymlarymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şol beýik şahslaryň biri hem Gündogaryň tebipçilik ylmynda uly özgerişler eden, ensiklopedik sowatly alym Seýit Ysmaýyl Jürjanydyr. Lukman alym ylma, medeniýete uly sarpa goýan Horezmşalaryň köşk tebibi bolupdyr. Ýaşan döwründen bäri müň ýyl töweregi wagt geçse-de, lukmanyň «Tebipçiligiň ýankitaby» atly kitaby Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlaryndan» soň ikinji kitap bolup, ol dogrudan hem ähli döwürlerde tebipleriň ýankitabyna öwrülipdir. Alymyň bu kitabynda iki ýüze golaý keseliň alamatlary we olaryň dürli emler bilen bejerilişi görkezilipdir. Alymyň bu kitapda ýazanlary şu günki düşünjelere gabat gelýär.

Algyn pendim, jigerbendim!

«Doganyň dogana bahasy bolmaz» Terbiýäniň ilkinji binýady maşgaladan başlanýar. Pederlerimiziň terbiýe mekdebinde kemala gelen çaga ulyny sylamagy, kiçini söýmegi hem maşgalada öwrenýär. Terbiýe meselesinde ene-atanyň orny hem aýratyndyr welin, çaganyň özünden uly doganlarynyň görüm-göreldesi hem bu babatda uly ähmiýete eýedir. Perzentleriniň arasyndaky mähirli, sylag-sarpaly gatnaşyklary ýola goýmak ata-enelerden uly jogapkärçiligi talap edýär.

Giň dünýäniň geň habarlary

Altynyň deregine Şwesiýanyň Linçeping uniwersitetiniň alymlary «Golden» diýlip atlandyrylan täze materialy döretdiler. Ol elektron önümleriň düzüm böleklerinde peýdalanylýan gymmat baha metallaryň ýerini tutar. Altynyň iki ölçegli görnüşi bolan goldeni almak üçin alymlar ýukajyk kremniý plastinasyny titan hem-de karbid galyplarynyň arasyndan geçirip, altyn çaýmak arkaly aldylar. Ondan soň altynyň atomlary bilen kremniniň atomlary garyşýança gyzdyrylýar. Alymlar häzirki wagtda beýleki metallaryň hem iki ölçegli görnüşlerini döretmek üçin ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Ak ýollara badalga

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde awtomobil ýollarynyň gurluşygy we olaryň durkuny abatlaýyş işleri boýunça taslamalar hem-de meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa döwletimiziň ählumumy ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine öz täsirini ýetirýär. Şu ýyl maňa hem Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Men Şa serpaýyna mynasyp boldum. Meniň ylmy işim «Awtomobil ýollarynyň erňegini berkitmegiň biologik usuly» diýip atlandyrylýar. Ylmy işim boýunça synag edilýän ýoluň gyrasynda ini 10 metre, uzynlygy 20 metre çenli, çäge-çöl agaç ösümliklerinden durýan biologik zolagy emele getirmek üçin tejribe meýdançasy döredildi. Biologik zolagy emele getirmek işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda başlandy we 2022-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlandy. Ýerli şertlere görä, tebigy ýagdaýda gögerip çykýan çäge-çöl agaç ösümlikleriniň nahallary gara sazak, ak sazak, çerkez, selin, borjak we ýylgyn tejribe meýdançasynda hatar aralyklary, düýp aralyklary 2 metrden oturdyldy. Bu ösümlikleri süýşýän çägelikleri berkitmek üçin biologik zolagy emele getirmekde ulanmak maksada laýyk hasaplanylýar. Ýol ulgamlaryny suwdan we ýelden goramak üçin geçirilen tejribe işleriniň netijelerini ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän we gurulýan awtomobil ýollaryny goramak üçin ulanmak teklip edilýär. Biz —

Ruhubelentlige beslendi

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleri bolan ýaş nesillerimiziň kämil bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn ösmegi, watansöýüjilik ruhunda we asylly ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzir gözel Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň gyzykly dynç alyş günleri dowam edýär. Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy hem-de Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda Gökderäniň şypaly goýnunda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň arasynda, mekdep okuwçylaryndan düzülen ýaş ýangyn söndüriş topar agzalarynyň ýygyndy toparlary ýangyn-amaly sport bäsleşigine gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň mertebe tugy

Türkmen medeniýeti diýenimizde biz nämä düşünýäris?! Aslyýetinde, medeniýet diýen düşünjäniň çygry juda giň. Bu düşünjä Gahryman Arkadagymyz: «Medeniýet biziň durmuşymyzyň dürli taraplaryny öz içine alýan inçe, çylşyrymly we köp görnüşli düşünjedir» diýmek bilen, örän anyk kesgitleme berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýiti öňdengörüjiliginiň netijesidir. Çünki medeniýet ulgamynyň ösdürilmeginiň tutuş türkmen medeniýetiniň ösüşini häsiýetlendirjekdigi, türkmeni dünýä tanatjak, türkmen üçin dünýäni açjak gymmatlyklaryň esasylarynyň biridigi jedelsiz hakykatdyr. Hut şonuň üçin hem bu mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany hökmünde halkymyza ýolbaşçylyk edip başlan ilkinji günlerinde täze türkmen ideologiýasynyň berkarar edilmegine badalga berdi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz baryp 2008-nji ýylda medeniýet, köpçülikleýin habar beriş ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynda eden çykyşynda: «... Bize döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze ýörelgelere esaslanýan döwlet ideologiýasy gerek» diýip nygtapdy. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz düýpli özgertmeleri, asylly başlangyçlary öňe sürdi. Netijede Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan täze türkmen ideologiýasynyň binýatlaýyn esaslaryny berkiden gyzyldan gymmatly kitaplar çap edilip, türkmen okyjylarynyň aňyýetini baýlaşdyrdy. Mil

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary, gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Öňümizdäki hepdede hamallar geljege gönügen meýilnamalaryny durmuşa geçirmek işlerini biraz çaltlandyrmaly diýen netijä gelerler. Bu meselede ýakynlaryňyz bilen maslahatlaşyp, başgaça garaýyşlary bolan adamlar bilen bilelikde hereket edip bilersiňiz.

Paýhas synagy

Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynda, gullugyň düzüm birliklerinde iş alyp barýan tejribeli harby gullukçylaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Şertlere görä, harby gullukçylar öz aralarynda harby gullukda alnyp barylýan ugurlar bilen çäklenmän, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplary barada, şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okamak, onuň ömri we döredijiligini daşary ýurt dillerinde gürrüň bermek, goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Örän gyzykly we ýatda galyjylykly geçen bäsleşikde harby gullukçylarymyz özleriniň başarnyklaryny ezberlik bilen görkezip, oňa örän taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Biragyzdan gelnen netijelere görä, degişli gullugyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçylary bu bäsleşikde özleriniň tutanýerliligi we erjelligi bilen 1-nji, Mary welaýaty boýunça müdirligiň harby gullukçylary 2-nji, Aşgabat şäheri boýunça müdirligiň harby gullukçylaryndan düzülen topar bolsa baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji toparlara göçme kubok, Hormat hatlarydyr sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri

Şygryýet äleminiň görnükli wekili Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň ýa-da Gündogaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň beýik akyldary hökmünde şygryýetiň üsti bilen adamzada ynsanlygyň dilini öwreden beýik danadyr. Beýik şahyryň sarpasy ýyllar, asyrlar bilen barha belende göterilip, dana Pyragynyň döredijiligi syrly älem kimin köňülleri özüne kökerýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilmegi, umumadamzat paýhasynyň bähbitlerine daýanýan ajaýyp pikirdir söze aşyk köňüllere üýtgeşik ylham bagyş eýledi. Has takygy, dünýä ýüzüne toý bolup dolýan bu waka şahyryň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenmäge hem-de ony ebedileşdirmäge döredilen ajaýyp mümkinçilik bolmak bilen, akyldaryň ruhuny ýene bir gez tirsegine galdyrdy. Ýurdumyzda ýaş zehinlerimizi dana Pyragynyň döredijilik akabasyna has-da ýakynlaşdyrmak, onuň şygyr dünýäsini tanatmak üçin dürli çäreler, duşuşyklar, edebiýat agşamlarydyr bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Mukaddes araçäklerimizde özleriniň gulluk borçlaryny üstünlikli berjaý edýän merdana serhetçilerimiziň içinden hem Magtymgulynyň älemine aşyk, onuň döredijiligine giňişleýin düşünmegi başarýan zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen «Magtymguly — milletiň mertebesi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa gullugymyzyň hatarynda mukaddes borjy berjaý edýän ähli derejedäki harby gullukçyla

Ösýär, özgerýär Berkarar Diýar

Medeniýet halkyň kalbydyr Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler giň gerime eýe bolýar. Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewiligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Belent sepgitleriň zamanasy

Ýeňişleriň aýdyň ýoly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň yglan edilmegi bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ýeňişleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryndan gözbaşly syýasy, ykdysady-durmuş we medeni özgertmeler Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna itergi berdi.

Başymyzyň täji sen, eziz Diýarym!

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygary türkmen halkynyň ylham çeşmesine öwrüldi. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli durmuşa geçirýän döwletli işleri eziz Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarýar, türkmeniň beýik milletdigini dünýä tanadýar. Taryhy wakalarydyr şanly seneleri bilen ýüreklere joşgun paýlaýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly buýsançly ýyllaryň biri hökmünde taryhyň altyn sahypalaryndan uly orun alar. Bu ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi diňe bir il-günümizde däl, eýsem, dost-doganlyk halklarda-da çäksiz buýsanç döredýär.

Magtymguly Pyragy we Ýunus Emre

Geçmişde nusga alarlyk, çuň many-mazmunly eserleri döreden ussatlar bizde sanardan kän. Bular, elbetde, uly mekdepdir. Biziň söhbedimiz bolsa Magtymguly we Ýunus Emräniň arasyndaky edebi ýakynlyk hakda. Ýunus Emre öz döwründe we häzirki döwürde hem tanymal ussat şahyrlaryň biri hasaplanylýar. Beýik şahyryň ýaşap geçen döwri Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň synyp, Osmanly türkmen döwletiniň döräp başlan döwrüne gabat gelipdir.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär

Zerur tagallalar edilýär Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen çagalaryň medeniýetli dynç almaklaryna ýurdumyzda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn bedenli we ruhubelent ýaşlarymyzyň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalary edýärler. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dynç alyş we çagalar sagaldyş merkezleriniň hereket etmegi-de aýdyň mysaldyr.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Kämil kadalar Ata-eneler kämillik ýaşyna ýetmedik, kämillik ýaşyna ýeten ukypsyz, kömege mätäç bolan, şeýle hem bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça, ýöne ýigrimi üç ýaşdan uly bolmadyk okaýanlary ekläp-saklamaga borçludyrlar. Çagalary ekläp-saklamagyň şertleri ene-atalar tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär. Ata-eneler çagalary ekläp-saklamak barada şertnama baglaşmaga haklydyrlar. Eger ata-eneler çagalaryny ekläp-saklamaýan bolsalar, olary ekläp-saklamak üçin serişdeler kazyýet tertibinde tutulyp alynýar.

Kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

Her bir güni ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik maksatly tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek, halkymyzyň kanuny taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak işlerine uly üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, milli kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze kanunlar kabul edilip, hereket edýän kanunlara döwrebap üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleri kämil hem mizemez hukuk binýadyna esaslanýar. Milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi döwletimiziň demokratik, hukuk  binýadyny has-da pugtalandyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň has döwrebap derejede goralmagyny üpjün etmekde ýurdumyzda geçirilýän hukuk özgertmeleriniň ähmiýeti uludyr. Halkymyzyň goraglylygyny kepillendirýän täze kanunlaryň kabul edilmegi, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryna halk bähbitli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň aýdyň dabaralanmasydyr. Milli

Beýikligi Watana söýgüsinde jemlenen

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi has içgin öwrenilýär. Nusgawy edebiýatymyz hakynda söhbet edilende bolsa, ilkinji nobatda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbi ör-boýuna galýar. Dana şahyryň beýikligi onuň öz Watanyna, halkyna, ene topragyna bolan çäksiz söýgüsinde jemlenendir. Akyldaryň bize miras goýan şygyrlaryny agzybirligiň, päk göwünliligiň, halallygyň jarçysy diýip häsiýetlendirmek bilen, ol goşgularyň her bir setirini ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan sowuk suwly güzere meňzedýäris. Çünki söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, birek-birege hormat-sylaga çagyrýar.

Ýüreklerde orun alan akyldar

Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatyna uly goşant goşan beýik akyldardyr. Halkyň ýüreginde baky orun alan söz ussadynyň çuňňur pikirleri bütin adamzat üçin ýörelgä, gymmatly hazyna öwrüldi. Şahyryň ölmez-ýitmez eserleri dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilip, alymlar tarapyndan giňden öwrenilýär. Akyldaryň döredijiligini öwrenýän alymlara bu günki gün dünýäniň çar künjeginde gabat gelmek bolýar. Dürli döwürlerde ýaşap geçen ussatlaryň beýik şahyr barada aýdanlary bolsa, Magtymguly Pyraga berilýän bahanyň, goýulýan hormatyň ýylsaýyn belende galýandygynyň alamatydyr. Asyrlar geçse-de, şahyryň köpöwüşginli şygyrlary, pikir-garaýyşlary, parasatly sargytlary öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde baky orun eýeleýär. Akyldaryň döredijiliginde agzybirlik, jebislik, açykgöwünlilik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk hakda ajaýyp setirler bar. Şahyryň her bir setiri, nakyla öwrülen goşgulary şahsyýeti kämilleşdirýär.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Kiçi traktor Russiýanyň kompaniýasynyň sergide hödürlän kiçi traktory täze innowasion tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanyldy. Ol ýörite üpjün edilen enjam arkaly sürüjisiz dolandyrylýar, kabinasy-da ýokdur. Robotlaşdyrylan traktor oba hojalyk işleriniň dürli görnüşlerini: ekinleri ekmek, tekizlemek, sürüm, suw pürkmek işlerini ýerine ýetirýär. Onuň ýene bir artykmaçlygy kiçi atyzlarda çeýe hereket edip bilýänligidir. Işläp düzüjiler onuň emeli intellekt esasynda päsgelçiliklerden sowlup geçýändigini we işleri ýokary takyklyk bilen ýerine ýetirýändigini aýdýarlar. Agramy bir tonna golaýlaýan tehnika sagatda 5-20 kilometr tizlikde hereket etmäge ukyplydyr. Ýörite programma üpjünçiligi topragyň, aýratynlykda her bir inedördül metr ýerde ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy barada maglumat berýär.