"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Hoş habaryň şowhuny

26-njy aprelde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Aşgabat» kinoteatrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan paýtagtymyza «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahalynyň ekilendigini aýratyn belläp geçdiler. Şunuň ýaly asylly hem sogaply işler ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmegine, sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna, tebigatyň abat saklanyp galmagyna uly ýardam berýär.

Bag — gözellik hem sagdynlyk

Ministrler Kabinetiniň 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde aýdylan hoş habar toý-baýramly günlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilmesidir. Munuň özi halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän asylly zähmetine berlen ýokary bahadyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň daşky gurşawy goramak, ekologik heläkçilikleriň öňüni almak boýunça dünýä möçberindäki hukuk resminamalary bolup durýan tebigaty goramak baradaky ylalaşyklara ilkinjileriň hatarynda goşuldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dünýä nusgalyk işler edildi. Şu günlerde-de ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, şäherleri we obalary bagy-bossanlyga öwürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra, ilkinji gatnaşan çäresi ählihalk bag ekmek dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga bermegi milli Liderimiziň sogaply işleriniň dowamat-dowamdygynyň nyşanydyr.

Aşgabat — seýilgähleriň mekany

Ak mermerli Aşgabat — ýurdumyzyň ýüregi, halkymyzyň buýsanjy. Bu gün özboluşly täsinligi we binagärlik keşbi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan, göreniň akylyny haýrana goýýan paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüşleri berkarar Watanymyzyň döredijilik ruhuny, kuwwatyny äşgär edýär. Aşgabadyň şaýollarynyň ugrundaky bezeg baglary, seýilgäh zolaklary we seýilbaglar hem waspa, buýsanja mynasypdyr. Soňky sanlyja ýyllaryň içinde paýtagtymyzyň daş-töwereginde millionlarça baglar ekildi, Aşgabadyň gözel ýerlerinde dürli görnüşli baglary öz içine alýan seýilgähler döredildi. Bu gün «Arkadag», «Garaşsyzlyk», «Altyn asyr», «Ylham» ýaly seýilgähler göreniň kalbyny joşdurýar, ýüregini heýjana salýar.

Bagy-bossanly şäher

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi bilen baglanyşykly hoş habaryň aýdylmagy kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Bu şatlykly habar ak mermerli paýtagtymyza bolan söýgimizi we buýsanjymyzy goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň baş şäheri çalt depginde özgerip, dünýäniň iň owadan, nusgalyk şäherine öwrülýär. Aşgabadyň binagärlik görküne diňe bir belentden belent ymaratlardyr desgalar, köprüler, aýna ýaly tekiz şaýollar, suw çüwdürimleri gözellik goşman, eýsem al-ýaşyl öwşün atýan baglar oňa özboluşly owadanlyk berýär. Paýtagtymyzyň çäginde ýylyň-ýylyna millionlarça düýp bag nahallary oturdylýar we olara yzygiderli ideg işleri alnyp barylýar. Bu bolsa, merjen şäherimiziň ekologiýa ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna täsir edýär.

Beýik işlere badalga

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz uly taryhy wakalara beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, ykdysadyýetimizi ösdürmekden we halkara gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler dünýä jemgyýetçiliginiň hem ünsüni özüne çekýär. Eziz Diýarymyzda bag ekmek dabaralary geçirilip, ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu hoş habar ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy.

Durmuş dowamlylygynyň özeni

Bag, ösümlik dünýäsi barada söz açylanda, ilkinji nobatda, daş-töweregimizi gülzarlyga büräp, onuň ynsanlara berýän ruhy lezzeti hakydaňa gelýär. Belki-de, döredijilikde hem ylham gönezliginiň başlangyjy tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan ösümlik dünýäsidir. Ösümlik bilen bezelen baýyrlyklar, derelerdir düzlükler ýaşaýşa bolan söýgiňi, joşgunyňy artdyrýar. Halkymyzda pederlerimizden bize miras galan sogaply işleriň biri-de, bag ekmek, agaç oturtmak, töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek işidir. Bu umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer çäräniň döwlet derejesinde ýola goýulmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bize görkezen nusgawy ýörelgesi halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolup, üstünlikli dowam etdirilýär. Ýylyň ýaz we güýz paslynda geçirilýän bag ekişlik dabarasyna ýurdumyzyň ähli künjeginde ildeşlerimiz agzybirlikde, uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şu ýylyň 20-nji martynda Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen, ilkinji döwletli işi sahawatly çärä — köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşmak boldy. Bu dabaranyň berekediň baýramy bolan Halkara Nowruz gününe gabat gelmeginde hem özboluşly many bar. şu ýylyň ýazky bag ekmek dabarasyna ilkinji agaç nahalyny oturdyp, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlere badalga bermegi dünýä ýüzünde nusgalyk göreldä eýe boldy. Şunlukda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki b

Ekologiýa syýasatymyzyň halkara üstünligine buýsanç

26-njy aprelde «Aşgabat» kinoteatrynda paýtagtymyza Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly halkara güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli «Bag-bossanly Aşgabadym» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, aýdymçylardyr bagşy-sazandalar, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öň ýanynda guralan sergi çeperçilik sungatynyň köpöwüşginliligini açyp görkezdi. Ýygnananlar meşhur suratkeşleriň eserlerinden, keramika önümlerine siňdirilen sungat gözelliklerinden ruhy lezzet aldylar.

Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

BMG-niň güwänamasy Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň üstünliginiň ykrar edilmegidir

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Mälim bolşy ýaly, bu hoş habar geçen hepdede Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyndan gelip gowuşdy. Aşgabat şäherine degişli güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilmeginiň subutnamasy, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky üstünligi boldy. 

BMG-niň güwänamasy Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň üstünliginiň ykrar edilmegidir

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu hoş habar geçen hepdede Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyndan gelip gowuşdy. Aşgabat şäherine degişli güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilmeginiň subutnamasy, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky üstünligi boldy.

Suwa elýeterlilik — adamzadyň mizemez hukugy

Hormatly Prezidentimiziň Suw sammitindäki çykyşyndan soňky oýlanmalar Alymlar Ýer ýüzünde ilkinji ýaşaýşyň hut suwly gurşawda emele gelendigini tassyklaýarlar. Zeminiň 70 göterimden gowragyny suw düzýär. Adam bedeniniň hem 60 — 85 göterimi suwdan ybarat. Iň täsini — biziň beýnimizem 90 göterim suwdan durýar. «Suw — ýaşaýyş» diýilmeginiň asyl sebäbem, ine, şunda jemlenýär. Şular hakynda oýlanýarkaň, meşhur fransuz ýazyjysy Antuan de Sent-Ekzýuperiniň: «Suw, saňa ýaşaýyş üçin zerur diýmek bolmaz: seniň özüň — ýaşaýyş» diýen setirlerini ýatlanyňy duýman galýarsyň...

Baglar — ýaşaýşyň nyşany

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de professor-mugallymlardyr ýaşlar gatnaşdy. 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy habar berildi.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 25-i — maý aýynyň 1-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16...+18o-dan +19...+21o aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+24o-dan +31...+33o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+17o-dan +18...+20o aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+23o-dan +30...+32o aralygynda maýyl bolar.

Bagy-bossan paýtagtym

22-nji aprelde bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar göwünlere ganat bekledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek dabaralary arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy habar berildi.

Aşgabat şäherine täze halkara güwänama berildi

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berildi. Bu baradaky BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habary şu gün ― 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize ýetirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde berlen habara görä, «Şäherlerdäki agaçlar» atly başlangyç Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edildi. Bu başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine berlen halkara güwänama BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan gelip gowuşdy.

Amatly ulag serişdesi

«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Häzirki döwürde eziz Watanymyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan bu döwür ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň, özgerişleriniň dowamy bolup, täze-täze üstünlikleriň, halkara başlangyçlaryň sanyny has-da artdyrýar.

Ekologiýa abadançylygy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022 — 2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda daşky gurşawyň goragyny we amatly ekologiýa gurşawyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan anyk işleriň mysalydyr. Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen Türkmenistanyň wodorod energetikasy pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadyna eýerýär.

Gül-gülüstan Aşgabat

Şu günler paýtagtymyzyň ýyladyşhanalarynyň bagbanlary ak şäherimiziň gözelligini artdyrmak, gür bagy-bossanlyga büremek babatda uly işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Ekologiýa abadançylygy üpjün etmek, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de biologik dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli, durnukly peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça giň gerimli işler geçiriler» diýen paýhasly sözlerinden ruhlanyp, şu günler golaýlap gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýär. Mähriban paýtagtymyzyň köçeleri, şaýollary, seýilgähleri özüniň göze ýakymly döwrebap keşbi, bahar paslynyň dowam edýän günlerinde aýratyn gözelligi bilen her bir ynsanyň kalbyny joşdurýar. Paýtagtymyzda dürli täsin gülleri ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň 4-si hereket edýär. Ol ýerde zähmet çekýän ynsanlar biri-birleri bilen tejribe alşyp, maslahatlaşyp, öz işlerini sazlaşykly alyp barýarlar. Olar ýurdumyzda geçirilýän döwlet derejesindäki toý-dabaralarda şäherimizi güller we baglar bilen bezeýärler.

Biziň planetamyz ― biziň saglygymyz

Bütindünýä saglyk güni şu ýyl «Biziň planetamyz — biziň saglygymyz» diýen şygar astynda geçdi. Her ýyl bir şygar bilen bellenilýän bu baýram öz gözbaşyny geçen asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar. Has takygy, 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ilkinji assambleýasy geçirilýär. Gurama 1950-nji ýyldan başlap, her ýylyň şol gününi Bütindünýä saglyk güni hökmünde bellemek kararyna gelýär. Bu baýramda her ýyl aýry bir meselä ünsi jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde bu baýram ýylyň-ýylyna täze şygara eýe bolýar.

Ekologiýa we ýaşlar

 «7/24.tm», № 16 (99), 18.04.2022. Tebigat – bu biziň dem alýan jana şypaly howamyz, görýän ýagtylygymyz, içýän suwumyz, naz-nygmatly iýmitlerimiz, ýöreýän ýolumyz, basýan topragymyz, ýaşaýşymyz, bizi gurşap alýan ähli barlyk çeşmämiz, mukaddesligimiz. Adam tebigat tarapyndan döredilendir we biz onuň perzentleridiris. Adam bilen tebigat hiç haçan aýrylyşyp bilmez. Olar biri-biri bilen mydama baglanyşyklydyrlar.