iň gowy awtoulaglar belli edildi

10 Oktýabr 2022
1444

«Consumer Reports» neşiriniň analitikleri her ýyl amerikan bazaryndaky 250-den gowrak ulag modeline baha berýärler. Awtomobiller esasy dört ölçeg boýunça bahalandyrylýar: ygtybarlylyk, howpsuzlyk, şeýle-de ulag eýeleriniň kanagatlanyş derejesi we ulagyň ekologiýa talaplaryna laýyk gelşi. Bu barada «njcar.ru» habar berýär.

Şeýlelikde, ykjam awtomobil kategoriýasynda «Toyota Corolla» sedany ýeňiji boldy, «Mazda CX-30» ýangyjy az harçlaýan iň gowy krossower hökmünde bellenildi. «Toyota Prius» gibrid segmentinde ýeňiş gazandy. Iň gowy orta göwrümli sedan kategoriýasynda birinji orny «Toyota Camry» eýeledi.

Taýýarlan Gülnar Bekiýewa,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň müdiriniň başlangyç synplarda okuw işleriniň orunbasary.
Beýleki habarlar