«Akylly» şäher: ýaşaýyş üçin oňaýly şertler

16 Sentýabr 2022
1336

Aşgabat — Türkmenbaşy ýoluna rowana bolup, Halkara atçylyk toplumyna golaýlan dessiňe, alnyňda täze bir şäher peýda bolýar. Ol — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi. Täze merkeziň ak mermere örtülen belent binalary, hatar-hatar agaçlaryň ýaşyl gurşawy düýpgöter tapawutly. Merkeziň şäher ruhy, döredijilikli zähmet göwünleri galkyndyryp, kalbyňda egsilmejek guwanç duýgusyny döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň aprelinde Köpetdagyň gözel künjeginde peýda bolan bu gurluşyk meýdançasynyň çägine gadam goýanyňda, täze şähergurluşyk taslamasynyň doly göwrümine düşünýärsiň, geriminiň juda giňdigine göz ýetirýärsiň.

Maksim PAPANOW.
«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnaly. Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar