iOS 16 indi Türkmenistanda hem elýeter boldy

14 Sentýabr 2022
1225

12-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da «Apple»-iň iOS ykjam operasiýa ulgamynyň 16-njy tapgyry türkmenistanly ulanyjylar üçin elýeterli edildi. Täzelenmäni talaba laýyk gelýän enjamlaryň ählisinde göçürip alyp bolýar. Has takygy, ol iPhone 8 we ondan soňky modelleriň ählisi üçin niýetlenendir.

Täzelenmäniň telefonyňyza gelendigini «Sazlamalar» ➟ «Umumy» ➟ «Programma üpjünçiligini täzelemek» yzygiderliligi boýunça barlap bilersiňiz. Täzelenme bar bolsa, göçürip alyň. Ýok bolsa-da, soňrak geler.

Beýleki habarlar