Täsinlikler äleminde

7 Sentýabr 2022
975

Tehnologiýanyň täze ädimi

Häzirki wagtda ykjam telefonlaryň we noutbuklaryň energiýa güýjüniň ömrüni uzaltmak, bu babatda enjamlaryň ulanylyşyny ýeňilleşdirmek tehnologiýa äleminiň üns merkezindäki meseleleriň biri. Ýakynda Günorta Koreýanyň Sejong uniwersitetiniň alymlary energiýa beriji enjamy ulanmazdan, akylly telefona 30 metr aralykdan energiýa güýjüni goýbermegi başardylar. Olar munuň üçin infragyzyl şöhlelerinden peýdalandylar. Tolkun ýaýrawy 1550 nanometr bolan bu şöhleler erbiý garylan goýberiji tarapyndan ýaýradylýar. Şöhleler belli bir aralykdaky kabul ediji enjam tarapyndan ýygnalyp, energiýa güýji hökmünde ulanmaga mümkinçilik döredilýär. Ilkinji synagda akylly telefona 400 megaWolt energiýa güýji goýberildi. Bu synaglar häzirlikçe diňe laboratoriýalarda mümkin bolsa-da, alymlar ýakyn geljekde onuň köpçülikleýin ulanmaga amatly boljakdygyny belleýärler.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar