Wodorod energetikasy barada

1 Iýun 2022
1737

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem energetika diplomatiýasydyr. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» işlenip düzüldi we tassyklanyldy. Bu taslamanyň esasy maksady pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek baradaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekden, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan we pugtalandyrmakdan zerur bolan çäreleri amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça milli strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam bermek, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda ösýän we eksporta gönükdirilen wodorod energetika pudagyny döretmek zerur bolup durýar.

Bu «Ýol kartasynyň» üstünlikli durmuşa geçirlmegi ýurtda düýpgöter täze we geljegi uly bolan pudagyň döremegine goşant goşar. Hususan-da, soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi netijesinde, geljekde dünýä bazarynda energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine garaşylýar. Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyň döredilmegi we ösdürilmegi orta we uzak geljekde ýurdumyzyň energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berer diýip hasaplanylýar.

«Güneş».
Beýleki habarlar