Halkara bäsleşikde gazanylan üstünlik

31 Maý 2022
1333

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iňlis dili hünäriniň I ýyl talyby Begenç Salamatow Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan iňlis dili dersi boýunça geçirilen I halkara internet olimpiadasynda üçünji baýrakly orna mynasyp boldy.

Halkara bilim bäsleşigine dünýäniň 17 döwletinden 600-den gowrak talyp gatnaşdy. Daşary ýurtly mugallymlardyr talyp ýaşlar wideoaragatnaşyk arkaly bu çärä goşuldylar.

Toýly ALLAÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar