Amerikanyň «Tilray Brands» kompaniýasy 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-nyň 43,19 million dollary möçberinde girdeji gazanandygy barada habar berdi. Hasabat döwründe kompaniýanyň söwdalary ABŞ-nyň 123,9 million dollaryndan 151,9 million dollaryna çenli ýokarlandy.
Şeýle-de hasabatda «Tilray Brands» kompaniýasynyň ýakynda satyn alan Kanadanyň «Afriya» kompaniýasyndan 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-nyň 80 million dollary möçberinde girdeji almagy maksat edýändigi aýdyldy.