Döwletli tutumlar — halkyň bähbidine

1 Aprel 2022
1377

Taryhy günler ykballara özgeriş bagyşlaýar. Häzirki ajaýyp günlerde ykbalymyzyň şeýle möhüm wakalara dahylly bolýandygyna diýseň buýsanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň dowamaty, mynasyp şägirdi bolan Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň geljeginiň röwşen günlere utgaşjakdygyny öz çykyşlarynda aýratyn nygtamak bilen, kalby kanagatly ilimiziň gursagyna çäksiz hoşallyk we ruhubelentlik duýgularyny bagyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ekologik abadançylygy üpjün etmek, geljekki nesiller üçin haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak we olaryň biologik köpdürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi tygşytly, rejeli peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek babatda giň gerimli işleriň geçiriljekdigini nygtady. Tebigat, tebigy serişdeler ýurduň kuwwaty, gymmatly baýlygydyr. Olaryň yrýasyz we dürs peýdalanylmagy geljegimiziň ygtybarlylygynyň kepilidir. Ata Watanymyzda ýene-de sanlyja ýyllardan birnäçe iri tokaý zolaklary we haýwanat dünýäsiniň baý genji peýda bolar.

Ýagmyr MYRATBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar