Adam bu gün başlan işleriniň ertirki gün dowam etdiriljekdigine ynansa, kalby kanagatly bolýar. Ata-babalarymyz hem tebigat bilen örän ysnyşykly ýaşapdyrlar. Tebigaty iýmit çeşmesi hökmünde peýdalanyp, azyk önümlerini öz elleri bilen, alyn derlerini siňdirip ýetişdiripdirler. «Adam eli gyzyl gül» diýip dogry aýdypdyrlar.
20-nji martda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen amala aşyryldy. Bu dabaraly çäre «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda geçirildi.