Amerikanyň kafeler toplumynyň eýesi «Starbucks» kompaniýasy bir gezeklik ulanylýan bulgurlary ulanmagy bes edýär. 2025-nji ýyla çenli köp gezeklik ulanylýan bulgurlardyr gap-gaçlara doly geçmegiň meýilnamasyny işläp düzdi. Bu barada kafeler toplumynyň degişli bilermenleri habar berdi. Olar şeýle-de bu meýilnamanyň kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli tebigatdaky galyndylary 50% azaltmak meýilnamasynyň bir bölegidigini bellediler.
Häzirki wagtda «Starbucks» alty sany esasy bazarynda, şol sanda ABŞ-da, Ýaponiýada we Beýik Britaniýada köp gezeklik gap-gaçlary ulanmak boýunça barlag işleriniň taslamalaryny durmuşa geçirýär.