Şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde daşky gurşawy goramak we ekologiýa meselesine hem aýratyn üns berildi.
Halkymyzda bag ekmek, idetmek sogap hem haýyrly iş hasaplanýar. Bag barada birnäçe aýtgylar, pähimler, parasatly sözler bar. Gorkut atanyň: «Bir nahal ekseň, ömrüň baky» diýip, bag barada aýdan pähimi muňa şaýatlyk edýär.