Durnukly ösüşiň binýady

11 Ýanwar 2022
1571

Bütin adamzadyň üns merkezinde bolan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri milli Liderimiziň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» geljekde daşky gurşawyň goraglylygy bilen bagly ykdysady çykdajylary azaltmak, durmuş-ykdysady ösüşiň, şol täsirlere durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, zyýanly gazlaryň zyňylmagyny çäklendirmek we howanyň duýulýan hem-de çaklanylýan üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tassyklan Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynyň we Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde tebigaty goramak, biodürlüligi we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, bug gazlarynyň çykarylyşyny kemeltmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, ýurdumyz senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary peýdalanmaga yzygiderli geçýär.

Myrat SARYJAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgäri.
Beýleki habarlar