Ekologiýa abadançylygynyň goragynda

24 Dekabr 2021
1495

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşinde yzygiderli senagatlaşmak, önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşky gurşaw bilen sazlaşygy üpjün etmek meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan döwletimizde daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylygymyz halkara ekologiýa Konwensiýalarynyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylmy seljermeleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki zaman şertlerinde ylym dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşini kesgitleýär, şol bir wagtda-da şeýle ösüşi kanagatlandyrmak üçin täze usullardyr innowasiýalary döretmäge mümkinçilik berýär. Ylmyň gazanýan innowasion täzelikleriniň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biridir.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar