Geologiýa gözleg işleriniň derňewi

14 Dekabr 2021
1648

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Nebitgaz pudagynda geologiýa gözleg işlerini amala aşyrmagyň esasy maksady nebitli, gazly ýataklary kesgitlemek, olaryň gor mukdaryny anyklamakdyr. Nebitiň we tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberini artdyrmak biz ýaş hünärmenler üçin baş maksat bolup durýar. Gaz känlerindäki gözleg hem ulanyş guýularyndan egsilmez milli baýlygymyz bolan tebigy gazyň çykarylyşynda geologlaryň, geofizikleriň hyzmatynyň biçäk uludygyna göz ýetirýäris. Gaz guýularynda geçirilýän işleriň her biri gönüden-göni geologlaryň, geofizikleriň gözegçilikleri hem-de barlaglary esasynda häzirki zaman programma üpjünçilikleri arkaly amala aşyrylýar.

Sona GELDIÝEWA,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar