Ekologik abadançylyk — wajyp wezipe

22 Oktýabr 2021
1630

Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletleriň we dünýä halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmegiň tebigatyň deňagramlylygy barada alada etmezden mümkin däldigini birnäçe gezek nygtapdy.

Nebitiň we gazyň ägirt uly gorlary bilen bir hatarda, Türkmenistan Gün we ýel energiýasy çeşmelerine hem baýdyr. Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, adaty däl energiýa çeşmeleriniň giňden ulanylmagy, ylaýta-da, senagat merkezlerinden uzakda ýerleşýän ilatly nokatlaryň gündelik durmuş hem önümçilik hajatlaryny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Daşky gurşawy goramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleriň öňüni almaga gönükdirilendir.

Muhammetgeldi ÇOPANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar